Döwrebap ylymlaryň we täze döwrüň talaplary bilen bir hatarda bolup. dürli pikirler we nukdaýnazalaryň gözleýjisi bolmaly. Şu podkastda şol nukdaýnazalara beýleki öňdebaryjy adamlar bilen pikir alyşyp maslahat etmek maksady bilen döredildi.
Bir döwlet diňe paýhasly, etjegini bilýän, päkýürekli hünärmenleriň hasabyna ösýär. Bu podkastymyzda köpleriň halypasy Temirow Ata Çaryýewiç bize okatmagyň usullary, salgyt ulgamy, bilimiň gymmaty barada öz gözýetimlerini aýdyp berdi. Halypanyň beren gürrüňleri babatynda teswirleriňizi biz bilen paýlaşmagy unutmaň.
Käbir adamlara başgalaryň çöregini gazanmaga sebäp bolmak bagty miýesser edýär. Bir önümçiligiň, söwdanyň, hyzmat berýän kärhananyň başynda bolup, ol ýeri dogry dolandyrmak, şol bir wagtda şahsy durmuşymyzy sazlaşykly alyp barmak aňsat iş däl... . Özüniň ýaşlygyna garamazdan biznes dünýäsinde uly tejribeler edinen Säher Aşyrow biziň bu bölümimiziň myhmany. Ol birnäçe halkara kärhanalaryň ýolbaşçy düzüminde işläp, ýurdumyzyň biznes eýelerine marketing we menejment boýunça konsultasiýalary bilen kömek edýän adam. Säher Aşyrowyň biznes gözýetimi siziň göwnüňizden turar diýip umyt edýäris.
Döredijilik hemme adamlarda elýeterli görnüşde berlen bir zat bolup dursada köp adamlar yzygiderli ussatlygyny ösdürmekde kynçylyk çekýär. Biziň hem gysgaça topary bolup multiplikasiýasynyň düýbüni tutujy Möjek Çaryýewi häsiýetlendirilýän ussatlygyň, nähili gylykda, nirden gelip häzirki ussatlyga eýe bolandygyny bilesimiz geldi. Möjek Çaryýew, suratkeş-karikaturaçy, “Bowenjik”, “Garyplar we açgözler”, “Uçýan haly” ýaly multfilmleriň döredijisi. Podkastymyzda Möjek aga öz durmuşy, käri barada gürrüň we yzarlaýjylarymyzdan gelen soraglara jogap berdi.
Durmuşa dürli nokatlardan garamak her kime başartmaýar. Muny başaranlar bolsa adamzadyň beýgelmegine az-köp goşant goşýarlar. Sizem beýgelişe goşant goşmak isleseňiz, özgermegiň ýolunda biz bilen boluň. Bu sandaky podkastymyzyň myhmany Ýaran Allamyradow. Ýarany biz Galamkeş ady bilen sosial media platformalaryndan tanaýarys. Pelsepe barada, Ezizowyň döredijiligi barada gyzykly gürrüňleri bilen Ýaranyň aýdanlary köpleri oýlandyrjaga meňzeýär.
Maşgala mukaddesdir. Ony guranymyzda-da, ýykanymyzda-da howlukmaly däl. Bagtly bolmak isleýän bolsak, her ädimimizi pikirlenip ätmeli... . Bu gezeki myhmanlarymyz Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň halypa mugallymlary Akbäbek Esenowa we Jeren Nepesowa. Mugallymlarymyzyň maşgala psihologiýasy barada aýdan gyzykly gürrüňleri, sapaklary hemmeleriň göwnünden turar diýip umyt edýäris. Podkastyň ahyrynda biziň bilen pikirleriňizi paýlaşmagy unutmaň.
2-nji sesonymyzy çagalar üçin kitap ýazan myhman bilen açýarys. Gunça Annaýewa mugallym we çagalar ýazyjysy. Bu bölümde, döredijilik hakda, halaýan zatlaryňyzy etmek we geljekki ýazyjylar üçin käbir maslahatlar hakda gürleşýäris.
Gysgaça podkastynyň birinji ýylyny hem tamamladyk we toparymyz bilen birinji sezonyň jemini jemlemek üçin birnäçe pikirleri paýlaşmagy isledik. Şunuň bilen birlikde Gysgacha topary sizi täze ýylyňyz bilen gutlaýar we düşümli ýyl arzuw etýär. Goşgynyň çeşmesi: Ylham Çeşmesi Youtube kanaly
Durmuşda aňsat ýetilýän menzil ýok, eger ol halal bolsa. Her zat üçin der dökmeli. Menzile barýan ýolda adamlar bizi görmeýär, çekilen kynçylyklary bilmeýär. Isleýän ýerimize baranymyzda bolsa birden hemme kişiniň ünsüni çekýän adam bolýas. Bu günki podkastymyza buýsanjymyz, çempionlarymyz Gülbadam Babamyradowa, Ylýas Möminow we Ruşana Nurjawowa gatnaşdy. Gülbadam bilen Ylýas maşgala gurdy. Ruşana bilen Gülbadam bolsa köp ýyllyk ýakyn dost. Sport ýyldyzlarynyň geçen ýoluny olaryň öz agzyndan diňläliň.
Gowy kitaplaryň birinde "Adamyň iň gowy dosty zähmetdir" diýip ýazylgy. Her bir üstünligiň arkasynda ýadaman çekilen zähmet, tükeniksiz yhlas, sansyz arzuw, isleg, söýgi ýatýar. Bu podkastymyzyň myhmany telekeçi Döwran Abdyresulow. Döwran Abdyresulow häzirki wagtda eko-paketlary öndürýän "Ýedidogan kraft" kärhanasynyň eýesi, emma bu derejä ýetýänçä ol dürli ugurlarda zähmet çekip, öz ugrunda birnäçe reformalary geçirýär.
Bir milletiň medeniýeti öz mirasyna, milli buýsanjyna eýe çykyp, oňa laýyk sarpa goýmak arkaly beýgelýär. Biziň haýran galyp okaýan daşary ýurtly edebiýatçylarymyz, sungatynyň öňünde doňup galýan suratkeşlerimiz, heýkeltaraşlarymyz öz milletleri tarapyndan gadyry bilinýän baýlyklardyr... . Nobatdaky podkastymyzda halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy Atajan Tagany myhman aldyk. Atajan agamyz "Kyrk ýylda ýazylan kitap", "Aglasy gelýän ak bulut", "Saragt galasy" ýaly eserleriň awtorydyr. Edebiýat dünýäsine ýyllaryny beren agamyz bilen ýazgy etmek biziň üçin uly bagtdyr.
Ýolbaşçylar milletlerimizi, jemgyýetlerimizi we guramalarymyzy emele getirýärler. Bize ýol görkezmek we dünýäni herekete getirýän möhüm uly göwrümli kararlar bermek üçin gowy ýolbaşçylar gerek. Podkastymyzyň şu sanynda hem biz Ýolbelet platformasynyň ýolbaşçysy Kadyrberdi Nurberdiýew bilen gürriňdeşlik bolar. Bu sanynda biz myhman billen Ýolbelet, ýolbaşçylyk we topar bilen işlemek ýaly temalary ara alyp gürleşdik.
Taryhymyzy, medeniýetimizi bilmek üçin indi uly arheologik, etnografik tapyndylar hökman däl. Ýakyn geçmişimiz barada emaý bilen ýygnanylan arhiwler hem köp zady aýdýar. Sekizinji podkastymyzda halk arasynda 'Sylap arhiw" diýip tanalýan Alladurdy Atdaýew bilen söhbetdeş bolduk. Alladurdy öýünde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň altyn wekilleriniň goýan miraslaryndan toplanan şahsy arhiwi bar. Geliň, arhiwçilik barada, sungat barada gyzykly gürrüňleri Alladurdynyň öz agzyndan diňläp göreliň.
Biz gahrymanlaryň we ertekileriň meşhur wagtyndan geçdik. ... Durmuşymyzyň köpüsi esasan adaty we manysy bolmaly ýaly welin, olary gyzyklandyrmagyň ýollaryny ýazyjynyň pikirlerinden gelýär. Podkastymyzyň bu günki sanynda bolsa biz Oguljennet Bäşimowanyň myhmany. Oguljennet Bäşimowa türkmen ýazyjysy, terjimeçi we dramaturgy. Ol Mary welaýatynda doglan we birnäçe kitaplaryň awtory. Şolar bilen birlikde ýazyjy daşary ýurt edebiýatynyň görnükli eserlini terjime etdi we okyjylaryň söýgüsini gazandy.
Ylym-Bilim ulgamlary islendik jemgyýetiň möhüm bir bölegi bolup durýar. Podkastymyzyň bu günki sanynda biz "Zehin ýoly" okuw merkeziniň Aşgabat şäher şahamça direktory Azat Atahanow we daşary ýurtlarynda bilim ulgamlaryny içgin öwrenen mugallym Begenç Ýazow bilen gürrüňleşikde.
Mugallymçylyk käriniň aňyrsynda uly bir iş we dürli pedagokiki usullar ýatyr. Mugallym diňe bir şahsyýetiň ýaşlykdan öz ugruna gadam basmagyna kömek etýän adam bolman, eýsem mugallym öz okuwçysynyň saýlan ýolunyň bir sebäbi hem bolup biler. Şu sözler bilen, podkastymyzyň bu sanynda, 24 ýyllap mugallymçylyga özüni beren Sylap Ataýew bilen gürrüňdeş bolarys. Bu sanymyzda Sylap Ataýew siz bilen mugallymçylyk, dumuş, ýaşlar we ylym-bilim barada öz pikirlerini paýlaşar.
Döredijilik, adaty pikirlenmek ýa-da hereket etmek usullaryndan ýokary geçmek we täze we özboluşly pikirleri, usullary ýa-da zatlary ösdürmekdir. Diýmek döredijilik belli bir pikirleriň toplumy däl-de biziň adatdan daşary pikirleri işläp, täze zatlary döretmekdir. Podkastymyzyň bu günki sanynda Kakajan Öwezow bilen söhbetdeş bolarys. Kakajan dürli döredijiligi bilen tapawutlanýan wideolary döredýär we mundan başga-da suratçy we syýahatçy. Bu sanynda döredijilik, täze pikirler, ylham almak we syýahat barada gürrüň ederis.
Dünýä bazarynyň özgerişi häzirki wagtda dowam etýär. Şol täze özgermeler bilen bir hatarda bolmak üçin biz täze dünýä derejesindäki ukyplary we endikleri öwrenmeli. Podkastymyzyň bu günki sanynda, Imam Saparow we Azat Hatamow, ýagny kriptotreýder bilen meşgullanýan ýaş telekeçiler bilen söhbetdeşlik ederis. Imam we Azat Telegram we Youtube platformalarynda Türkmen Trader atly kanallaryny ýöretýärler we ýaşlara kriptowalýuta barada öwretýärler.
Kimdir biri Worren Baffetden üstünligiň syry barada soranda, Baffet bir topar kitaplary görkezip: "Günde 500 sahypa okaň. Ylym maýa-goýumy ýalydyr. Gün-günden köpelip gitýär." Ömrüňiziň indiki 10 ýylynda hepdede bir kitap okasaňyz, durmuşyňyzyň nähili boljagyny göz öňüne getiriň. Şu pikirler bilen, podkastymyzyň şu sanynda Ruminýada okaýan kitap söýüji Abdyrahyhm Agajyykow bilen gürrüňdeşlik etýäs. Abdyrahym ýaşlykdan kitap söýer, häzir Ýewropada okaýar we "Ýolbelet" platformasynda öz bilýän zatlaryny okatýar.
Köplenç ýaşlyk döwründe öz-özümize berilýän bir wajyp sorag bar. Nirden başlamaly? Şol bir ýagdaý, hemişe gaýtalanyp durýar. Okuwy gutaryp, şol sorag. Uniwersiteti gutaryp ýene şol sorag. Birinji işiň, ýene-de şol sorag. Podkastymyzyň birinji sanynda, daşary ýurtlarynda okaýan ýaşlarmyzyň köpleriniň ýüreginde orun tapyp durmuş maslahatlaryny berip, mugallym we telekeçi Merdan Ataýew bilen gepleşeris.